ABŞ-da wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 728 müň 964 adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 352 müň 600 adamdan geçdi

1424522
ABŞ-da wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 728 müň 964 adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 352 müň 600, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 704 müň, wirusy ýeňenleriň sany bolsa 2 million 447 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň 686, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 728 müň 964 adamdan geçdi. Hepdäniň ahyrynda bellenilip geçiljek “Hatyralama çäresi” sebäpli şol sanyň has-da artyp biljekdigi barada duýduryş berdildi. Nýu-Ýork ştatynda Kovid-19 sebäpli 29 müň 451 adam ýogaldy, 373 müň 622 adam hem hasaba alyndy.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezine öwrülen Britaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany resmi görkezijilere görä 37 müň adamdan geçdi, emma şol sanynyň 47 müň 343 adama ýetendigi öňe sürülýär.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 78 adam artyp 32 müň 955 adama ýetdi, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2 müň 358 adam azalyp 52 müň 942 adama çenli aşaklady.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda 83 adam ýogaldy. Epidemiýa sebäpli garrylar öýlerinde ýogalanlar bilen birlikde ýurtda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 530 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 520 adam artyp 219 müň 957 adama ýetdi.

Ispaniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 27 müň 117 adama ýetdi. Ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň hormatyna şu günden başlap 10 günlük milli ýas yglan edildi we baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

Gollandiýada Kovid-19 sebäpli 5 müň 856 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany soňky 24 sagatda 10 adam artyp 11 müň 690 adama ýetdi.

Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1039 adam artyp 24 müň 593 adama, wirusa ýoluganlaryň sany hem 16 müň 324 adam artyp 391 müň 222 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Belgiýada 9 müň 364, Germaniýada 8 müň 498, Meksikada 8 müň 134, Kanada-da 6 müň 639, Şwesiýada 4 müň 125, Peruda 3 müň 788, Ekwadorda 3 müň 203, Şweýsariýada 1915, Irlandiýada 1615, Portugaliýada 1342, Polşada 1024, Çilide 806, Kolumbiýada 776 we Belarusda 208 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Braziliýa , #ABŞ , #koronawirus

Degişli Habarlar