Russiýada “Mi-8” kysymly dikuçar heläkçilige uçrady

Dikuçar heläkçiliginde 4 adam ýogaldy

1423604
Russiýada “Mi-8” kysymly dikuçar heläkçilige uçrady

Russiýanyň gündogarynda ýerleşýän Çukotka welaýatynda “Mi-8” kysymly dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 4 adam ýogaldy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, “Mi-8” kysymly harby dikuçaryň Çukotkadaky Ogolniýe Kopi howa menziliniň goýynda tälim uçuşyny amala aşyrýarka heläkçilige uçrandygy nygtaldy.

Rus “TASS” habarlar gullugyna beýanat beren ýolbaşçylar, dikuçardaky 4 adamlyk ekipažyň ýogalandygyny we dikuçaryň gonandan soň ýanmaga başlandygyny aýtdy.

Heläkçilige tehniki näsazlygyň sebäp bolandygy aýdylýar.

Geçen hepde hem paýtagt Moskwada “Mi-8” kysymly dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 3 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar