Dünýä derejesinde koronawirusa ýoluganlaryň sany 5,5 million adama ýetdi

Dünýäde wirusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 2 million 303 müň adamdan geçdi

1423033
Dünýä derejesinde koronawirusa ýoluganlaryň sany 5,5 million adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 346 müň 700 adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 5,5 milliondan, wirusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 2 million 303 müň adamdan geçdi.  

Saud Arabystanynda Kovid-19 sebäpli ýene-de 11 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 390 adama ýetdi. Saud Arabystanynda wirusa ýoluganlaryň sany 72 müň 560 adama ýetdi. 

Kuweýtde soňky 24 sagatda ýene-de 8 adamyň ýogalmagy bilen Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 156 adama ýetdi. Ýurtda ýene-de 838 adamyň wirusa ýolukmagy bilen wirusa ýoluganlaryň sany 21 müň 302 adama ýetdi. 

Katarda ýene-de 2 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 23 adama ýetdi. Katarda ýene-de 1 müň 521 adamyň wirusa ýolukmagy bilen ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 43 müň 714 adama ýetdi. 

13 adamyň ýogalan Bahreýnde ýene-de 19 adamyň wirusa ýolukmagy bilen ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 93 adama ýetendigi habar berildi.

26 adamyň ýogalan Liwanda wirusa ýoluganlaryň sany 1 müň 114-e ýetendigi mälim edildi. 

198 adamyň ýogalan Marokkoda ýene-de 23 adamyň Kovid-19-a ýolukmagy bilen wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň 429 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Müsürde 764 adama, Yrakda 160 adama, Ýemende 42 adama, Omanda 37 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #adam , #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar