ABŞ-nyň Howa güýçlerine degişli F-35A kysymly harby uçar heläkçilige uçrady

Geçen hepde hem şol howa bazasyndan uçan F-22 Raptor kysymly döwrebap harby uçar uçandan gysga wagt soň heläkçilige uçrapdy

1420293
ABŞ-nyň Howa güýçlerine degişli F-35A kysymly harby uçar heläkçilige uçrady

ABŞ-nyň Howa güýçlerine degişli F-35A kysymly harby uçar Florida ştatynda heläkçilige uçrady.

Florida ştatyndaky Eglin howa güýçleri bazasyndan berlen beýanatda, 58-njy floda degişli F-35A kysymly harby uçaryň adaty uçuşyny amala aşyrýarka ýerli wagt bilen 21.30 töweregi gonmaga taýarlanýarka ýere gaçandygy ýatladyldy.

Beýanatda uçarmanyň halas bomagy başarandygy nygtaldy we waka hakynda derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.

Geçen hepde hem şol howa bazasyndan uçan F-22 Raptor kysymly döwrebap harby uçar uçandan gysga wagt soň heläkçilige uçrapdy.

ABŞ-nyň Howa güýçleriniň iň gymmat bahaly uçarlarynyň şol howa bazasynda ýygy-ýygydan heläkçilige uçramaklary ünsleri özüne çekýär.

 

 



Degişli Habarlar