Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 313 müň 790 adamdan geçdi

Wirusy ýeňenleriň sany 1 million 830 müň 100 adamdan geçdi

1419039
Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 313 müň 790 adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 313 müň 790, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 750 müň, wirusy ýeňenleriň sany 1 million 830 müň 100 adamdan geçdi.

Koronawirusyň ilkinji hasaba alynan ýeri bolan Hytaýda soňky 24 sagatda ýene-de 5 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. Ýurtda epidemiýa sebäpli jemi 4 müň 633 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 82 müň 947, sagalanlaryň sany 78 müň 227 adama ýetdi. 87 keselliniň bejergisi bolsa dowam edýär.

Günorta Koreýada soňky 24 sagatda 13 adam hasaba alyndy. Ýurtda şu günki güne çenli koronawirus sebäpli 262 adam ýogalypdy, 11 müň 50 adam hem hasaba alnypdy.

Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 51 adam artyp 6 müň 988 adama, hasaba alynanlaryň sany 120 müň 198 adama ýetdi.

Russiýada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 94 adam artyp 2 müň 631 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 709 adam artyp 281 müň 752 adama, sagalanlaryň sany 4 müň 207 adam artyp 67 müň 373 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli Ukrainada 514, Moldowada 209, Ermenistanda 60, Gazagystanda 34, Gruziýada 12 we Özbegistanda 11 adam ýogaldy.

Yrakda koronawirus sebäpli 121 adam, Yragyň Kürt Awtanomiýasynda bolsa 5 adam ýogaldy.

Liwiýada epidemiýa sebäpli 3 adam ýogaldy, 65 adam hasaba alyndy.

Kovid-19 Alžirde 542 adamyň ýogalmagyna, 6 müň 821 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy. Ýurtda Din işleri ministrligi Oraza baýramynda 24-nji maýda koronawirus sebäpli salamlaşmagy we gujaklaşmagy gadagan etdi.

Saud Arabystanynda koronawirus sebäpli 302 adam, Kuweýtde 107 adam, Katarda 15 adam ýogaldy.

Bahreýnde epidemiýa sebäpli 10 adam ýogaldy, 6 müň 747 adam hem hasaba alyndy.

Ýemende hökümetiň gözegçiligi astynda şäherlerde we etraplarda koronawirus sebäpli 18 adamyň ýogalandygy, 106 adamyň hasaba alynandygy habar berildi.

Kovid-19 sebäpli Müsürde 612, Birleşen Arap Emirliklerinde 214, Marokkoda 192, Omanda 21, Iordaniýada 9 adam ýogaldy.

Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Jammu Kaşmirde epidemiýa sebäpli 12 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 1 müň 121 adama ýetdi.

Pakistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 39 adam artyp 873 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 1352 adam artyp 40 müň 151 adama ýetdi. Koronawirusyň ýurtda ilkinji gezek hasaba alynan günü bolan 26-njy fewraldan bäri 11 müň 341 adam hem sagaldy.

Nepalda täze görnüş koronawirus sebäpli ilkinji ýitgi çekildi. Paýtagt Katmanduda 29 ýaşyndaky zenan keselli Kovid-19 sebäpli ýogaldy. Ilaty 29 million bolan ýurtda häzire çenli epidemiýa sebäpli 281 adam hasaba alnypdy.

Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde täze görnüş koronawirusyň hasaba alynmagy sebäpli fewral aýynda karantina alynan Britaniýanyň baýdagyny göterýän ýolagçy gämisi Diamond Princess ýurtdan gaýtdy. 56 ýurtdan 3 müň 700 ýolagçysy bolan gämide epidemiýa sebäpli 13 adam ýogalypdy, 712 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanylypdy.

Afrikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 648, wirusa ýoluganlaryň sany 3 müň adam artyp 78 müň 938 adama ýetdi. 30 müňe golaý adam hem sagaldy.



Degişli Habarlar