“F-35 uçarlarynyň şassisi Türkiýede öndürilmäge dowam edilýär”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp F-35 harby uçarlarynyň şassisiniň Türkiýedäki önümçiliginiň dowam edýändigini aýtdy

1417757
“F-35 uçarlarynyň şassisi Türkiýede öndürilmäge dowam edilýär”

Donald Tramp “Fox Biznes” ýaýlymyna beren interwýusynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berdi.

Tramp ABŞ-nyň üpjünçilik ulgamy taýdan Hytaýa we beýleki ýurtlara garaşly bolmaly däldigini nygtap: “Harytlaryň we önümleriň ählisi ABŞ-da öndürilmeli” diýdi.

Donald Tramp: dünýädäki iň kämil harby uçar bolan F-15-iň şassisi Türkiýede öndürşlýär we Türkiýeden gelýär. Häzirki wagtda Pezident R.T.Erdogan bilen gowy gatnaşyklarymyz bar, emma şeýle bolmanda nähili bolar? “Size F-35-iň şaýlaryny bermeris” diýseler näme ederis?” diýdi.

Amerikan hökümeti, Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamyny almagyndan soň iýul aýynda Türkiýäniň 2002-nj ýyldan bäri resmi şärikligi bola F-35 maksatnamasyndan çykaryljakdygyny beýan edipdi. Emma muňa garamazdan Trampyň Türkiýäniň henizem F-35-iň şaýlaryny üpjün edýändigini aýtmagy düşniksizlige sebäp boldy.



Degişli Habarlar