ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 87 müň 25 adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 303 müň 880 adamdan geçdi

1418203
ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 87 müň 25 adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 303 müň 880, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 546 müň 300, wirusy ýeňenleriň sany 1 million 716 müň 200 adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 87 müň 25 adamdan geçdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, metbugata beren beýanatynda “Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli koronawirusa garşy sanjymyň taýarlanjakdygy barada pikir edýärin” diýdi. Koronawirus Nýu-Ýorkda 27 müň adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Nýu-Ýorkda “öýde gal” görkezmesibiň möhledi 13-nji iýuna çenli uzadyldy.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 262 adam artyp 31 müň 368 adama ýetdi. Hasaba alynanlaryň sany 2 müň 17 adam azalyp 76 müň 440 adama çenli aşaklady.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 351 adam artyp 27 müň 425 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 521 adam artyp 214 müň 690 adama ýetdi.

Germaniýada epidemiýa sebäpli 7 müň 928 adam ýogaldy. Germaniýanyň koronawirusa garşy görlen çäreleriň çäginde ýurda girenleriň 14 gün karantinada bolmagy düzgüniniň ÝB-ne agza ýurtlardan gelenler üçin bes edilendigi habar berildi

Kanada-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 48 sagatda 293 adam artyp 5 müň 576, hasaba alynanlaryň sany 2 müň 244 adam artyp 73 müň 401 adama ýetdi.

Kowid-19 Braziliýada 13 müň 999 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sany 13 müň 944 adam artyp 202 müň 918 adama ýetdi.

Çeh Respublikasynda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 293, wirusa ýoluganlaryň sany 8 müň 352 adama ýetdi. Saglygy goraýyş ministligi 25-nji maýdan başlap 300 adamlyk maslahatlaryň, dabaralaryň we çäreleriň geçirilmegine rugsat beriljekdigini mälim etdi. Ýurtda şol gün naharhanalar we kafeler hem hyzmada açylar.

Bosniýa-Gersegowinada Kovid-19 sebäpli 128 adam ýogaldy, 2 müň 218 adam hasaba alyndy. Epidemiýa sebäpli 20-njy maýdapaýtagt Saraýewoda bes edilen awtobus gatnawy şu gün irden başlady.

Demirgazyk Makedoniýada koronawirus sebäpli 97 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany 1251 adama ýetdi. Ýurtda 2 aý soň metjitleriň ybadata açylmagyndan soň şu gün ilkinji Juma namazy okaldy.

Awstriýada Kovid-19 sebäpli 628 adam ýogaldy, 16 müň 108 adam hasaba alyndy.

Koronawirus Polşada 893 adamyň ýogalmagyna, 17 müň 850 adamyň hasaba alynmagyna sebäp boldy. Saglygy goraýyş ministrligi mekdepleriň 7-nji iýuna çenli açylmajakdygyny mälim etdi.

Bolgariýada epidemiýa sebäpli 102 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 138 adama ýetdi. Premýer ministr Boýko Borisow, epidemiýa sebäpli ýapylan söwda merkezleriniň 18-nji maýda açylmagy barada karar kabul etdi.

Epidemiýa sebäpli Britaniýada 33 müň 998, Ispaniýada 27 müň 459, Belgiýada 8 müň 959, Gollandiýada 5 müň 590, Meksikada 4 müň 477, Şwesiýada 3 müň 529, Peruda 2 müň 267, Şweýsariýada 1 müň 872, Irlandiýada 1 müň 506 we Portugaliýada hem 1 müň 184 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Britaniýa , #ABŞ , #epidemiýa

Degişli Habarlar