Şweýsariýa Germaniýa, Fransiýa we Awstriýa bolan serhetlerini 15-nji iýunda açar

Şweýsariýada 16-njy martda yglan edilen Adatdan daşary ýagdaýdan soň goňşy ýurtlar bilen serhetler ýapylypdy

1416905
Şweýsariýa Germaniýa, Fransiýa we Awstriýa bolan serhetlerini 15-nji iýunda açar

Şweýsariýanyň Federal Geňeşi, täze görnüş koronawirus epidemiýasyny gözegçilik astyna almak maksady bilen ýapylan ýurduň Germaniýa, Fransiýa we Awstriýa bolan serhetleriniň 15-nji iýunda açylmagy meselesinde umuman ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

Şweýsariýanyň Federal Geňeşinden berlen ýazmaça beýanatda, 16-njy martda yglan edilen Adatdan daşary ýagdaýdan soň goňşy ýurtlar bilen serhetleriň ýapylandygy ýatladyldy.

Adalar ministri Karin Keller Sutteriň ýokarda ady agzalýan üç ýurduň içeri işler ministrleri bilen gepleşik geçirendigi nygtalýan beýanatda “epidemiýa şertlerine görä, serhetleriň iýun aýynyň ortasynda açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy”diýildi.

Beýanatda, Ýewropada Kovid-19 sebäpli uly ýitgi çeken goňşy ýurt Italiýa bilen serhetleriň haçan açyljakdygy barada maglumat berilmezligi bolsa ünsleri özüne çekdi.

Epidemiýa sebäpli Şweýsariýada häzire çenli 1 müň 870 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar