Russiýada koronawirus kesellileriniň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 5 adam ýogaldy

Russiýanyň Krasnogorsk şäherinde 2 gün ozal garrylar öýünde bolan ýangynda 9 adam ýogalypdy

1415562
Russiýada koronawirus kesellileriniň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 5 adam ýogaldy

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde täze görnüş koronawirus kesellileriniň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 5 adam ýogaldy.

Sankt-Peterburgdaky ýangyn Keramatly Ýorgi hassahanasynyň 6-njy gatynda boldy.

Ýangynda dem alyş enjamyna birikdirlen 5 keselli ýogaldy.

Hassahanadaky 150 adam başga hassahana göçürildi we ýangyn gözegçilik astyna alyndy.

Ýangyna dem alyş enjamyndaky näsazlygyň sebäp bolandygy öňe sürüldi.

Russiýanyň Krasnogorsk şäherinde 2 gün ozal garrylar öýünde bolan ýangynda 9 adam ýogalypdy.

Geçen hepde paýtagt Moskwada Kovid-19 kesellileriiň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda hem 1 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar