Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 287 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronwairusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 533 müň adamdan geçdi

1415558
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 287 müň adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 287 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 268 müň adamdan geçdi. Koronwairusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 533 müň adamdan geçdi. 

Koronawirus sebäpli häzirki wagta çenli 2 müň 116 adamyň ýogalan Russiýada, wirusa ýoluganlaryň sany 232 müň 243 adama ýetdi. Russiýa koronawirusa ýolugan adam sanynyň köplügi boýunça dünýäde ABŞ-dan soň 2-nji orunda durýar. Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna (Kovid-19) garşy göreşiň çäginde işgärlere berilen rugsadyň möhlediniň 12-nji maýda tamamlanjakdygyny mälim etdi. Koronawirus epidemiýasynyň rus halkynyň girdejilerine we umumy ykdysady şertlerine ýaramaz täsir ýetirendigini aýdan Putin: "Kadalaşma etabynda raýatlary we ykdysadyýeti galkyndyrjak täze bir meýilnama taýarladyk" diýip habar berdi. 

Katar howaýollary kärhanasy, koronawirusa garşy göreşiň çäginde dünýä derejesinde saglygy goraýyş edaralarynda işleýän adamlara, mugt 100 müň uçar peteginiň beriljekdigini aýan etdi. Katar howaýollar kärhanasyndan berilen ýazmaça beýanatda, saglygy goraýyş edaralarynda işleýän adamlaryň özleri üçin aýrylan 100 müň sany uçar petegini 12-nji maýdan 18-nji maýa çenli aralykda internediň üsti bilen alyp biljekdikleri habar berildi. 

Ysraýylda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 258-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 16 müň 507 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 8 adamyň ýogalan Ýemende hökümet, ýurdyň günortasyndaky wagtlaýyn paýtagty Aden şäherini Kovid-19 we beýleki ýokanç keseller sebäpli epidemiýa zolagy hökmünde yglan etdi. Ýemeniň hökümeti Aden şäherini geçen aý bolsa sil apatynyň sebäp bolan adam ýitgileri we beren zyýany sebäpli apat zolagy hökmünde yglan edipdi. 

DKTR-de bejergi etaby tamamlanan 83 ýaşyndaky soňky syrkaw hem öýüne ugradyldy. Şeýlelik bilen DKTR-de koronawirus bilen kesellän adam galmady. 

Hytaýda bolsa soňky 24 sagatda Kovid-19 wirusyna 1 adamyň ýolugandygy anyklandy. 



Degişli Habarlar