Dünýä derejesinde koronawirusa ýoluganlaryň sany 4 million adamdan geçdi

Dünýä derejesinde koronawirusa ýolugyp, soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 1 million 387 müň 274 adama ýetdi

1413831
Dünýä derejesinde koronawirusa ýoluganlaryň sany 4 million adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 276 müň  253 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 14 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 387 müň 274 adamdan geçdi. 

Sudanda 52 adam Kovid-19 sebäpli ýogalan bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 930 adama ýetdi. Ýurdyň paýtagty Hartum şäherinde epidemiýa sebäpli 3 hepdelik köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi ýene-de 10 gün uzadyldy. 

Koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany Müsürde 503-e, Marokkoda 186-a, Yrakda 104-e, Tunisde 44,e, Liwanda 26-a we Ýemende 7-ä ýetdi. 

Saud Arabystanynda 229 adam, BAE-de 174 adam, Kuweýtde 47 adam we Omanda 16 adam koronawirus sebäpli ýogaldy. 

Günorta Afrika Respublikasynda 161 adam koronawirus sebäpli ýogalan bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 8 müň 232 adama ýetdi. Ýurtda Kovid-19-yň ýaýramagynyň öňüniň almak maksady bilen 19 müň tussagly azat edildi.

Käbir ýurtlarda epidemiýa sebäpli ýogalan adamlaryň sany şu aşakdaky ýaly:  Eýranda 6541 adam, Hytaýda 4633 adam, Hindistanda 1986 adam, Russiýada 1723 adam, Indoneziýada 943 adam, Pakistanda 618 adam, Ýaponiýada 603 adam, Ukrainada 361 adam, Günorta Koreýada 256 adam, Ysraýylda 245 adam, Bangladeş 206 adam, Singapurda 20 adam we Katarda 12 adam. 



Degişli Habarlar