ABŞ-da Prezident Donald Trampyň ýakyn kömekçilerinden birine koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy

Wirusy ýeňenleriň sany bolsa 1 million 330 müň adamdan geçdi

1413055
ABŞ-da Prezident Donald Trampyň ýakyn kömekçilerinden birine koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy

 

Täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 270 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 861 müň, wirusy ýeňenleriň sany bolsa 1 million 330 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da Prezident Donald Trampyň ýakyn kömekçilerinden birine koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. Ak Tamyň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Gidleý mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda “Prezident Tramp bilen Wise-prezidenti Maýk Pensiň testlerinde koronawirusa gabat gelinmedi” diýdi.

Epidemiýanyň  Ýewropadaky merkezine öwrülen Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýoganlaryň sany soňky 24 sagatda 649 adam artyp 30 müň 76, wirusa ýoluganlaryň sany 6 müň 111 adam artyp 201 müň 101 adama ýetdi.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 274 adam artyp 29 müň 958 adama ýetdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 178 adam artyp 25 müň 987 adama, hasaba alynanlaryň sany 746 adam artyp 209 müň 444 adama ýetdi.

Daniýada bolsa koronawirus sebäpli 514 adam ýogaldy, 10 müň 83 adam hem hasaba alyndy.



Degişli Habarlar