Rus milliarder Dmitriý Bosow öz janyna kast etdi

Rus milliarder we işewür adam Dmitriý Bosow öz janyna kast etdi

1412610
Rus milliarder Dmitriý Bosow öz janyna kast etdi

Rus metbugatynda berilen habarlarda, ýurdyň iň uly kömür kärhanalaryndan bolan Vostokugol ve Sibanthracite kärhanalarynyň eýesi 52 ýaşyndaky Dmitriý Bosowyň näme sebäpli öz janyna kast edendigi barada maglumat berilmedi, hadysa bilen bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy habar berildi. 

Dmitriý Bosowyň ýakynlary tarapyndan düýn gije, ýurdyň paýtagty Moskwa şäheriniň golaýyndaky öýünde tapylandygy aýdylýan habarlarda, kellesinde okuň yzynyň bardygy we ýanyndaky hem bir sapançanyň tapylandygy mälim edildi. 

Formes žurnalynyň şu ýyl çap edilen sanynda Dmitriý Bosow, 1,1 milliard dollar puly bilen Russiýanyň iň baý 86-njy adamydy. 

 



Degişli Habarlar