Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň Haftere tabynlykdaky güýçlere garşy operasiýasy dowam edýär

Kununu täsirsiz ýagdaýa getirilen söweşijiler we hadysada ýaralanan adamlaryň sany barada bolsa maglumat bermedi

1409283
Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň Haftere tabynlykdaky güýçlere garşy operasiýasy dowam edýär

Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetine degişli Harby-howa güýçleri, ýurdyň gündogaryndaky bikanun ýaragly güýçleriň lideri Halife Hafteriň hüjüm guramak üçin taýarlyk gören söweşijilerini daşaýan awtobusy nyşana alyp, hüjüm gurady

Liwiýanyň BMG tarapyndan ykrar edilen Milli Ylalaşyk hökümtine bagly ýaragly güýçleriň metbugat geňeşçisi Muhammed Kununu, hökümete bagly güýçleriň ýurdyň paýtagty Tripoli şäheriniň takmynan 200 km günortasynda ýerleşýän Nesme sebitinde howa operasiýasyny geçirendigini, operasiýada general Halife Haftere degişli güýçleri daşaýan awtobusyň nyşana alynandygyny mälim etdi. 

Kununu täsirsiz ýagdaýa getirilen söweşijiler we hadysada ýaralanan adamlaryň sany barada bolsa maglumat bermedi. 

Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetine degişli Harby-howa güýçleri, düýn bolsa Haftere degişli güýçlere garşy 3 aýry operasiýa geçiripdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Hafter bilen oňa goldaw berýän beýleki toparlaryň arasynda bölünmeler başlady. 

 


Etiketkalar: #operasiýa , #Liwiýa

Degişli Habarlar