Türkiýeden ugradylan lukmançylyk enjamlary Britaniýa bardy

Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde, Türkiýede lukmançylyk enjamlary ýüklenen Britaniýanyň Şasynyň Harby-howa güýçlerine degişli ýük uçary, Britaniýa bardy

1403437
Türkiýeden ugradylan lukmançylyk enjamlary Britaniýa bardy

Düýn Stambul şäherine gelen uçar, ýüklemek işlerinden soň, ýaňadandan Britaniýanyň Braýz Norton howa menziline tarap ýola çykdy.  

Koronawirusyň iň köp zyýan ýetiren Ýewropa ýurtlarynyň biri bolan Britaniýa, ozal hem Türkiýäniň Harby-howa güýçlerine degişli ýük uçary bilen iki aýry gezek lukmançylyk enjam kömegi ugradylypdy. 

Britaniýanyň Ýerleşdirme ministri Robert Dženrik, ýurdundaky lukmançylyk enjam ýetmezçiligi bilen baglanşykly: "Türkiýeden takmynan 84 tonnalyk uly bir şahsy gorag formalaryna garaşýarys. Şolaryň arasynda 400 müň sany öňlük hem bar" diýip belläpdi. 


Etiketkalar: #Britaniýa , #Stambul

Degişli Habarlar