Boris Jonson bilen Donald Tramp täze görnüş koronawirus hakynda pikir alyşdy

Jonson bilen Tramp koronawirusa garşy Britaniýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy

1403124
Boris Jonson bilen Donald Tramp täze görnüş koronawirus hakynda pikir alyşdy

 

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen täze görnüş koronawirus hakynda pikir alyşdy.

Koronawirus ýokaşan we bejergi alan Jonson, hassahanadan çykandan soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Britaniýa tarapyndan berlen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Tramp Jonsona “geçdigi bolsun”diýdi.

Liderler, epidemiýa garşy utgaşykly hereket edilmeginiň we halkara göreşiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Jonson bilen Tramp koronawirusa garşy Britaniýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda hem pikir alyşdy.

27-nji martda koronawirus ýokşandygy anyklanylan Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson ilki 10 gün öýünde, soň bolsa hassahanada berjergi alypdy.

 



Degişli Habarlar