“Epidemiýa oba ýerlerinde ýaşaýan ilata agyr zarba urup biler”

BMG-niň Halkara Oba Hojalygy Galkyndyryş Gaznasy oba ilatyny goldamak üçin serişde bölünip berilmelidigini beýan etdi

1402175
“Epidemiýa oba ýerlerinde ýaşaýan ilata agyr zarba urup biler”

BMG-niň Halkara Oba Hojalygy Galkyndyryş Gaznasy (IFAD) koronawirus epidemiýasyndan soň dünýäde azyk ýetmezçiliginiň ýüze çykmazlygy üçin çagyryş etdi.

Merkezi İtaliýanyň paýtagty Rimde ýerleşýän gaznadan Kowid-19 epidemiýasy hakynda ýazmaça beýannama berildi.

Beýannamada Kowid-19 epidemiýasy we onuň emele getiren ykdysady durgunlygynyň ejiz halklara howps salýandygy nygtalyp, ýoksullyga garşy göreş üçin 40 million dollarlyk serişdäniň bölünip berilendigi aýdylýar.

Beýannamada garaýyşlaryna orun berilen IFAD-yň Başlygy Gilbert F. Hungbo: “Bu saglygy saklaýyş çökgünliginiň azyk çökgünligine öwrülmezligi üçin dessine işe girişilmeli. Kowid-19-yň täsirleri oba ýerlerindäki ilata has agyr zarba urup biler. Ol hem global abadançylyk we durnuklylyk üçin hakyky howp diýmek. Gyssagly çäreler bilen oba ýerlerindäki adamlar üçin halas ediji maksatnamalary kabul edip bileris” diýýär.



Degişli Habarlar