Owganystanda ýene-de bir ýaragly hüjüm guraldy

Talibanly başbozarlaryň, Owganystanyň Tahar welaýatynyň Hojai Gar etrabyndaky harby birikmä guran hüjüminde 17 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy

1401570
Owganystanda ýene-de bir ýaragly hüjüm guraldy

Owganystanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Talibana agza terrorçylaryň, Hojai Gar etrabynyň Tepei Hawa Şinasi diýilen ýerindäki harby birikmä hüjüm gurandygy mälim edildi. 

Hüjümde 17 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygy, 2-siniň bolsa ýaralanandygy aýdylýan beýanatda, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Talibanyň hem uly ýitgiler çekendigi habar berildi. 

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen baglanşykly entek beýanat berilmedi. 


Etiketkalar: #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar