Talibanly başbozarlaryň hüjümleri dowam edýär

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi

1401089
Talibanly başbozarlaryň hüjümleri dowam edýär

Talibana agza terrorçylaryň ýurdyň günbataryndaky Bathyz welaýatynyň Mukur etrabynda polisiýa işgärlerine garşy guran hüjüminde 3 polisiýa işgäri ýogaldy. 

Bathyz welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Nejmuddin Burhani, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Mukur etrabynda gözegçilik işlerini geçirýän polisiýa işgärlerine garşy ýaragly hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

Hüjümde 3 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny aýdan Burhani, 6 polisiýa işgäriniň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar