Fransiýada harby dikuçar heläkçilige uçrady

Dikuçar heläkçiliginde 2 adam ýogaldy, 2-si agyr 5 adam hem ýaralandy

1399048
Fransiýada harby dikuçar heläkçilige uçrady

Fransiýanyň günortasynda harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 2 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

Mesele hakynda berlen beýanatda, ýurduň günortasynda ýerli wagt bilen 16.30 töweregi harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 2 adamyň ýogalandygy, 2-si agyr 5 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Waka hakynda derňew işi gozgaldy.

 



Degişli Habarlar