NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleri wideo şekilli maslahat geçirer

NATO agza 30 ýurduň goranmak ministrleri wideo şekilli maslahat geçirip, koronawirus epidemiýasyna garşy göreş hakynda pikir alyşarlar

1397906
NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleri wideo şekilli maslahat geçirer

Türkiýä Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň wekilçilik etjek maslahaty barada Belgiýanyň paýtagty Brýusselde metbugat ýygnagyny geçiren NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg gün tertibiniň ileri tutulýan esasy ugrunyň Kowid-19-dan ybaratdygyny nygtady.

Stoltenberg goranmak ministrleriniň Kowid-19-a garşy alynyp barylýan göreşiň seljeriljekdigine ünsi çekdi.

“Saglyk meselesiniň howpsyzlyk meselesine öwrülmeginiň öňi alynmaly” diýen Stoltenberg, goranmak ministrleriniň şol bir wagtda arkalaşygyň ýüzöwürdijilik we goranyş ukybyny hem ara alyp maslahatlaşjakdygyny beýan etdi.

Stoltenberg soňky döwürde ýalňyş maglumatlaryň ýaýbaňlanmaga başlandygyna ünsi çekip; “Döwletleriň we döwlete degişli bolmadyk güýçleriň zyýanly maglumat ýaýradýandygyny görýäris. Ministrler şol maglumatlaryň has çalt anyklanyp nähili gözegçilik astyna alynmalydygyny seljererler. Bizi bölmäge synanşýan başlangyçlara ýol bermeris” diýdi.



Degişli Habarlar