Koronawirus howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 110 müň adamdan geçdi

1396701
Koronawirus howply bolmagynda galýar

 

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 110 müň 827, wirus ýokaşanlaryň sany 1 million 800 müň, sagalanlaryň sany bolsa 412 müň adamdan geçdi.

Alžirde koronawirus sebäpli ýene-de 18 müň adamyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sany 283 adama ýetdi. Wirus ýokaşan 1 müň 914  adamdan 591-i sagaldy.

Yrakda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 76, hasaba alynanlaryň sany 1352 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýene-de 20 adama wirusyň ýokaşandygynyň anyklanylandygyny we koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sanynyň 288 adama ýetendigini mälim etdi.

Müsürde bolsa koronawirus ýokaşanlaryň sany 145 adam artyp 2 müň 65 adama ýetdi.

Katarda Kowid-19 sebäpli 7 adam ýogaldy, 3 müňe golaý adam hem hasaba alyndy.

Omanda koronawirus ýokaşanlaryň sany 599, Bahreýnde 1087, Birleşen Arap Emirliklerinde bolsa 4 müň 123 adama ýetdi.


Etiketkalar: #koronawirus , #Müsür , #Katar

Degişli Habarlar