Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 110 müňden geçdi

Wirus ýokaşanlaryň sany 1 million 800 müň, sagalanlaryň sany bolsa 400 müň adamdan geçdi

1396548
Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 110 müňden geçdi

Italiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 619 adam artyp 19 müň 468 adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany 100 müň 269 adama ýetdi. Milan şäherindäki we töwereklerindäki garrylar öýlerinde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň hossarlarynyň görkezen garşylyklary sebäpli, epidemiýa garşy çäre görmändikleri üçin derňew işleri gozgalýar.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 643 adam artyp 13 müň 832 adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany 24 sagatda 3 müň 114 adam artyp 93 müň 790 adama ýetdi. Ýurtda wirus sebäpli işsiz galanlaryň sanynyň 8 million adama ýetendigi nygtalýar. Döwlet  işden çykarlanlaryň aýlygynyň  70 göterimini işsizlik aýlygy hökmünde töleýär.

Britaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 737 adam artyp 10,612 adama ýetdi. Ýurtda karantinanyň möhlediniň uzadylmagyna garaşylýar.

Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 353, Belgiýada 3 müň 346, Gollandiýada 2 müň 643, Şweýsariýada 1001, Şwesiýada 887, Portugaliýada 470, Awstriýada 337, Daniýada 260, Polşada 195, Çeh Respublikasynda 123 adama ýetdi.

Balkan ýurtlaryndan Bosniýa-Gersogowinada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 37, Ruminiýada 282, Serbiýada 71, Bolgariýada 26, Demirgazyk Makedoniýada 34 adama ýetti. Horwatiýada bolsa soňky 24 sagatda  wirus sebäpli ýogalan bolmady.

ABŞ-da Kowi19 sebäpli soňky 24 sagatda ýogalalaryň sany 2 müň 91 adam artyp 18 müň 777 adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany bolsa ýarym milliondan geçdi.

Beýleki tarapdan Ýewropada koronawirus sebäpli çekilen adam ýitgisi 75 müň adamdan geçdi. “AFP” habarlar gullugynyň resmi çeşmelerden alan maglumatyna görä 80 göterimi Italiýa, Ispaniýa, Fransiýa we Britaniýadan Ýewropada koronawirus sebäpli jemi aradan çykanlaryň sany 75 müňden geçdi. metirikde bellige alynanlaryň sany bolsa 909 müňden geçdi.

 



Degişli Habarlar