ÝB-nyň Kovid-19 bilen baglanşykly halas ediş bukjasy Ispaniýany kanagatlandyrmady

Ispaniýanyň hökümeti, koronawirus epidemiýasyna garşy ÝB-e agza ýurtlaryň üstünde ylalaşan 540 milliard ýewrolyk halas ediş bukjasynyň özlerini kanagatlandyrmaýandygyny belledi

1395502
ÝB-nyň Kovid-19 bilen baglanşykly halas ediş bukjasy Ispaniýany kanagatlandyrmady

Ispaniýanyň hökümeti, koronawirus epidemiýasyna garşy ÝB-e agza ýurtlaryň üstünde ylalaşan 540 milliard ýewrolyk halas ediş bukjasynyň özlerini kanagatlandyrmaýandygyny belledi.  

Ispaniýanyň Unidas Po demos arkalaşygynyň lideri we ýurdyň wise-premýeri Pablo Iglasias, ÝB-e agza ýurtlaryň Maliýe ministrleriniň üstünde ylalaşan halas ediş bukjasynyň ýeterlik derejede bolmandygyny beýan etdi. 

Ispaniýanyň resmi telewideniýesi TWE beýanat beren Iglesias: "ÝB, ylalaşygy gowy hökmünde häsýetlendirsede, bu krizisden ÝB-e agza ýurtlaryň ähli raýatlarynyň jebis bolup çykmagy üçin elindäki ähli enjamlary ulanyp, raýadaşlyk görkezmelidir. 2008-nji ýyldaky ykdysady krizisden çykmak üçin kabul eden kararlarynyň tersine, indi maşgalalary halas etmelidir. Bular ýaly adatdan daşary ýagdaýlardan diňe jebis bolup çykyp bolar" diýip belledi. 

Hökümetiň beýleki bir wise-premýer we ýurdyň Ykdysady işler we Sifr transformasiýa ministri bolan Nadia Kalwino bolsa, "koronabono" diýip atlandyrylýan, umumy bergi sistemasynyň döredilmegi baradaky Ispaniýanyň we Italiýanyň ÝB-e bildiren talaplaryndan ýüz öwürmejekdiklerini habar berdi. 

Kalwino, ÝB bildiren talaplarynyň, epidemiýa garşy göreşiň çykdajylaryny çekjek, ykdysadyýete berýän zyýanynyň öwezini doljak umumy bir maliýe mehanizmiň döredilmeginden ybaratdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar