Tramp, Şa Salman we Wladimir Putin bilen nebit önümçiligi meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Tramp Saud Arabystanynyň Şasy we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy

1395557
Tramp,  Şa Salman  we  Wladimir Putin bilen nebit önümçiligi meselesini ara alyp maslahatlaşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen nebit önümçiligi meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Tramp, koronawirusa garşy göreş hakynda metbugata beren beýanatynda, Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginde nebit önümçiligi we nebitiň nyrhy meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Tramp, ABŞ-da energetika pudagynda hiç kimiň işden çykarylmagyny islemeýändigini ýatlatdy.

Russiýa bilen Saud Arabystanynynyň nebit önümçiligi meselesinde düşnüşip bilmeýändigini aýdan Tramp, “Ol ýerde şeýle köp nebit bar welin şol nebiti goýamak üçin ýeterlik ýer hem ýok” diýdi

 



Degişli Habarlar