Koronawirusdan ölenleriň sany 65 müňden, wirusa ýoluganlaryň sany 1,200,000 adamdan geçdi

Täze görnüş koronawirus ýokaşyp, kesellänlerden 250 müň adamdan gowragy bolsa sagaldy

1391630
Koronawirusdan ölenleriň sany 65 müňden, wirusa ýoluganlaryň sany 1,200,000 adamdan geçdi

95 raýaty wirus sebäpli ýogalan Ýaponiýada hasaba alynanlaryň sany 4,209 adama ýetdi.

Eýranda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 151 adam artyp, 3,603 adama ýetdi. 19,736 adam bolsa sagaldy. Sagalanlaryň arasynda Gum şäherinden 100 ýaşly bir hassa hem bar. Ýurtda mundan ozal 90, 91, 102  we 106 ýaşlaryndaky koronawirusa ýolugan keselliler sagalypdy. Prezident Hasan Ruhani epidemiýa garşy göreş üçin görüşen çäreleriň ýany bilen söwda gatnaşyklarynyň dowam etdiriljekdigini beýan edip: “Adamlaryň köpçülikleýin üýşmegi gerek bolmadyk we ýokary howpsyz kärhanalar Tähranda 18-nji aprelde, beýleki welaýatlarda bolsa 11-nji aprelde işlerine başlarlar” diýdi. Ruhani 11-nji aprelden başlap döwlet edaralarynyň üçden iki işgär bilen halka hyzmat etmäge başlajakdygyny, şol günden başlap resmi edaralaryň ýerli wagt boýunça 07.00-14.00 aralygynda açyk boljakdygyny aýtdy. Mukaddes ýerlere zyýaratyň 19-njy aprele çenli gadagan boljakdygyny aýdan Ruhani, başlangyç we orta mekdepler bilen ýokary okuw jaýlarynyň 18-nji aprele çenli berilen arakesmäni uzaldylyp bilinjekdigini nygtady.

Yrakda jemi adam ýitgisi 56 ýetdi, hasaba alynanlaryň sany bolsa 878 adam.

Russiýada koronawirus sebäpli aradan çykanlaryň sany 45, hasaba alynanlaryň 5,267 adama ýetdi.

Käbir Ýewraziýa ýurtlaryndaky adam pidalary we bellige alynanlar boýunça maglumatlar şeýle: Ukrainada 32 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany 252. Moldowada 14 adam aradan çykdy, hasaba alynanlaryň sany 752 adam. Gruziýada 2 adam ýogaldy, 170 adam hasaba alyndy. Gazagystanda 5 adam aradan çykdy, 551 adama hasaba alyndy. Gyrgyz Respublikasynda 1 adam ýogaldy, 147 adam hasaba alyndy. Ermenistanda 7 adam öldi, 822 adam hasaba alyndy. Öbeistanda bolsa koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 298 adam.

Ysraýylda bolsa koronawirus sebäpli adam pidasy 46-a, hasaba alynanlaryň sany 8,018 adama ýetdi. Kesellilerden 127 sanysynyň sagalandygy habar berildi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda 22-nji martda kabul edilen 14 günlük köçä çykma gadagançylygy şu gün gutarýar. Kabul edilen täze karara görä 6-njy aprel güni sagat 00:00-dan başlap 10-njy aprele çenli etrapara geçişlere ýol rugsat berilmez.



Degişli Habarlar