Eýranda wirus ýokaşan 106 ýaşyndaky keselli sagaldy

Koronawirus ýokaşanlaryň sany 1 million 118 müň 244adama ýetdi

1391122
Eýranda wirus ýokaşan 106 ýaşyndaky keselli sagaldy

 

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 59 müň 220, wirus ýokaşanlaryň sany 1 million 118 müň 244, sagalanlaryň sany bolsa 229 müň 157 adama ýetdi.

Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 326, hasaba alynanlaryň sany 81 müň 639 adama ýetdi. Epidemiýada ýogalanlar üçin ýurduň çar tarapynda 3 minut hormatly dymyşlyk edildi.

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 294, wirus ýokaşanlaryň sany 53 müň 183 adama ýetdi. Kum şäherinde wirus ýokaşan 106 ýaşyndaky keselli 14 günlük bejergisinden soň sagaldy.

Ýaponiýada ýene-de 4 adamyň koronawirus sebäpli ýogalmagy bilen ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 88, hasaba alynanlaryň sany 3854 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli Günorta Koreýada 177, Alžirde 105, Hindistanda 86, Yrakda 54, Malaýziýada 53 adam ýogaldy.

Marokkoda koronawirus sebäpli häzire çenli 47 adam ýogaldy, 761 adam hasaba alyndy.

Müsüriň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 66, hasaba alynanlaryň sanynyň 985 adama ýetendigini mälim etdi.

Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şeriada koronawirus sebäpli 2 etrap karantina alyndy

Günorta Afrikada wirus ýokşanalaryň sany 1500 adamdan geçdi.

Afrika hassalygyň öňüni alyş we gözegçilik merkeziniň soňky görkezijilerine görä, Afrikada 49 ýurtda koronawirus sebäpli 284 adam ýogaldy, 7 miň 28 adam hem hasaba alyndy.


Etiketkalar: #keselli , #koronawirus , #Eýran

Degişli Habarlar