Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri: "Wirus ýewangelist ybadathanasyndan ýaýrady"
Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Oliwer Weran mesele bilen bagly beýanat berdi
Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Oliwer Weran, täze görnüş koronawirusyň (Kovid-19) geçen aý ýurdyň Mýulz şäherindäki Ýewangelistlere degişli ybadathanada geçirilen çäre bilen ýaýrandygyny kabul etdi.
Oliwer Weran, hepdelik çykýan Le Journal du Dimanche gazedine beren interwýusynda: "Başlangyç nokat, Mýulz şäherindäki Ýewangelist ybadathanasynda geçirilen çärede boldy. Epidemiýa, ýurda hakykatdan hem bu ýerden ýaýrady" diýip habar berdi.
Le Monde gazediniň berýän habarynda hem wirusyň Mýulz şäherindäki Ýewangelist ybadathanasyndan Awstriýa gidendigini aýan etdi.
Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde ýaşaýan bir maşgalanyň 17-21-nji fewral aralygynda Mýulz şäherindäki ybadathanada geçirilen çärä gatnaşandygy, 27-nji fewralda bolsa Belgiýanyň üsti bilen Wena gidendigi we wirus testleriniň položitel çykandygy mälim edildi.
Habarda ybadathanada geçirilen bu çäräniň wirusyň Afrika ýurdy bolan Burkina-Fasoda hem gabat gelinmegine sebäp bolandygy mälim edildi.
Wagadugu şäherinde ýaşaýan pastor Mamadou Filippe Karambiriniň hem Mýulz şäherinde ýerleşýän Ýewangelistlere degişli ybadathanada geçirilen çärä gatnaşandygy we ýurduna gaýdyp baran mahaly özünde wirusyň bardygyny anyklanandygy aýan edildi.
Frans Info tarapyndan berilen habarda, Fransiýanyň Mýulz şäherinde ýerleşýän Ýewangelsitlere degişli ybadathanada 17-21-nji fewral aralygynda bolan dini çärelere gatnaşan azyndan 1 müň adamda wirusyň bardygynyň anyklanandygy habar berildi.
Degişli Habarlar
Doha forumy 2024 öz işine başlaýar
Doha forumy 7-nji dekabrynda Kataryň paýtagtyndaky Şeraton myhmanhanasynda öz işine başlar.