ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy koalisiýa Kerkukdan çekildi
ABŞ-nyň Yrakda 9 harby bazasy bar
Kerkuk Operasiýa güýçleriniň serkerdesi Saad Harbiýe, terror guramasy DAIŞ-e garşy döredilen ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky halkara koalisiýanyň Kerkuk şäherindäki K1 harby bazasyndan çekilendigini, Yragyň howpsyzlyk güýçleriniň harby bazanyň gözegçiligini ele alandygyny belledi.
Harbiýe, koalisiýa güýçleriniň şäherde howpsyzlygy üpjün etmeginden hoşaldyklaryny belledi.
Harbiýe, halkara koalisiýa güýçleriniň terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşde Yragyň howpsyzlyk güýçlerine maglumat we harby tälim taýdan uly goldaw berendigini nygtady.
ABŞ-nyň Yrakda 9 harby bazasy bar.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.