Gara deňize gaçan rus Su-27 kysymly uçaryň gözleg işlerine arakesme berildi

Gara deňizde Krym ýarymadasynyň suw giňişligine gaçan Russiýanyň Su-27 kysymly harby uçaryň gözleg işlerine arakesme berildi

1386760
Gara deňize gaçan rus Su-27 kysymly uçaryň gözleg işlerine arakesme berildi

25-nji martda Gara deňiziň üstünde uçuş amala aşyran rus Su-27 kysymly uçar, Krym ýarymadasynyň Kefe şäheriniň 50 km uzaklygynda suw giňişligine gaçypdy. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi, uçaryň gözleg işlerine An-26 uçarynyň we Mi-8 kysymly dikuçaryň gatnaşandygyny habar beripdi. 

Emma ýaramaz howa şertleri we deňizde geçirilen gözleg işlerinden hiç hili netije alynyp bilinmänligi sebäpli gözleg işlerine arakesme berilendigi aýan edildi. 

Häzirki wagta çenli suwa gaçan uçaryň uçarmanynyň hem jesediniň tapylmandygy, öňümizdäki günlerde gözleg işlerini ýaňadandan başlanjakdygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #Gara deňiz , #suw , #uçar , #Krym

Degişli Habarlar