ABŞ-da koronawirus ýokaşanlaryň sany 104 müň adamdan geçdi.

ABŞ koronawirus ýokaşanlaryň sany taýdan dünýäde 1-nji orny eýeleýär.

1386712
ABŞ-da koronawirus ýokaşanlaryň sany 104 müň adamdan geçdi.

ABŞ koronawirus ýokaşanlaryň sany taýdan dünýäde 1-nji orny eýeleýär.

ABŞ-da koronawirus ýokaşanlaryň sany 104 müň adamdan geçdi.1711 adam hem Kowid-19 sebäpli ýogaldy. Nýu-Ýork ştatynda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 134 adam artyp 519 adama, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 7 müň 300 adam artyp 44 müň 600 adama ýetdi. Ştatda mekdepler 15-nji aprele çenli ýapyldy. Diňe Nýu-Ýork ştaty üçin gyssagly 20 million N-95 maskasynyň, 30 million sany bolsa operasiýalarda ulanylýan maskanyň, 30 müň sany dem açyş enjamynyň, 45 million elligiň gerekdigi habar berildi.

Ýurtda lukman ýetmezçiliginiň ýüze çykyp biljekdigi sebäpli daşary ýurtly lukmanlara wiza berilmegi üçin taýarlyk görülýär. Ýokary okuw jaýlarynyň lukmançylyk bölüminiň soňky synyp talyplarynyň epidemiýa garşy göreşiň çäginde gyssagly gutardylmagy we işe başlamagy üçin karar kabul edildi.



Degişli Habarlar