Eýranda ýasama içgi sebäpli ýogalanlaryň sany 255 adama ýetdi

Ýasama içgi sebäpli Fars welaýatynda 592 adam hassahana ýüz tutdy

1385522
Eýranda ýasama içgi sebäpli ýogalanlaryň sany 255 adama ýetdi

 

Eýrana koronawirusdan goraýandygy bahanasy bilen ýasama içgi içýänleriň we ýogalýanlaryň sany gün saýyn köpelýär.

Eýranyň resmi IRNA habarlar  gullugy Fars welaýatynda 6-njy martdan bäri, ýasama içgi sebäpli 592 adamyň hassahana ýüz tutandygyny habar berdi.

Ýasama içgi sebäpli hassahana ýüz tutan 592 adamdan 72-i ýogaldy.

Welaýatda koronawirus sebäpli bolsa 25 adam ýogaldy.

Eýranyň Huzistan welaýatynda ýasama içgi sebäpli 66, Elbruz welaýatynda 31, Gündogar Azerbaýjanda 20, Erdebilde 19, Rezewi Horasanda 13, Mazenderanda 12, Ispyhanda 7, Kürdistanda 6, Hemedanda 4, Kirmanşahda 2, Buşehrde 2 we Hürmüzgadanda 1 bolmak bilen jemi 255 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #ýasama içgi , #Eýran

Degişli Habarlar