“TRT Doýçyň” ofisine haýbatly hat ugradyldy

Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýerleşýän “TRT Doýçyň” pfisine rasist topar tarapyndan haýbat mazmunly hat ugradyldy

1380235
“TRT Doýçyň” ofisine haýbatly hat ugradyldy

“TRT Doýçyň” režisýory Kaan Elbir hatyň faşistik döwrüň SS esgerleriniň düzümindäki ýörite harby toparyň adyny göterýän rasist “Prinz Eugen” toparynyň adyndan Federal Metbugat Merkezinde ýerleşýän ofislerine ugradylandygyny aýtdy.

Elbir hatda doňuzyň kellesiniň suratynyn, yslam dinine we Prezident R.T.Erdogana äsgermezçilik edilýändigini we “Metjitleriňizi gurmaga dowam ediň. Şeýlelikde doňuzlarymyza ýeterlik ýer tapylar. Berlinden ýok bolup gidin” diýlip ýazylandygyny habar berdi.

Kaan Elbir polisiň hatyň üstünde barmak yzy barmagyny gerçirjekdigini aýdandygyny mälim etdi.

Geraniýada ýaýlyma başlan “TRT Doýçyň” ünsleri özüne çekendigini nygtan Elbir: “Bild” gazeti birinji sahypadan berdi “TRT Doýçyň” açylandygyny. Ýalňyş çemeleşme bar. Biziň maksadymyz Germaniýada başdan geçirilýän kynçylyklary we gün tertibine getirilmeýän meseleleri halka ýetirmek” diýdi.

 



Degişli Habarlar