Waşingtonda koronawirus sanjymy synagdan geçiriler

ABŞ-da taýarlanan koronawirus sanjymy şu gün ilkinji gezek Waşington ştatynda synagdan geçiriler

1378825
Waşingtonda koronawirus sanjymy synagdan geçiriler

ABŞ-nyň “AP” habarlar gullugynyň hökümet resmilerine esaslandyrýan habarynda Milli saglyk institutlarynyň goldaw bermeginde taýarlanan sanjymyň synagynyň Seattldäki “Kaiser Permente” Lukmançylyk barlaglary institutynda geçiriljekdigi beýan edilýär.

Synagyň sagdyn 45 meýletinde geçiriljekdigini beýan eden resmiler, şol adamlara wirusyň ýokaşma howpynyň bolmandygyny we synagyň diňe sanjymyň zyýanly täsirlerini barlamak üçin geçirilýändigi nygtalýar.

Resmiler koronawirus epidemiýasyna sezewar bolan kesellilere uruljak sanjymy taýarlanmagyň 8 aý bilen 1 ýyl dowam edip biljekdigine ünsi çekdiler.

Koronawirus ýaýramaga dowam edýän bolsa, köp sanly ýurt sanjymyň üstünde işleýär.

Bütidünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezijilerine görä dünýäde 160 müňe golaý adam Hytaýyň Wuhan şäherinde başlan epidemiýa ýolukdy.

Covid-19-a ýolugan 5800 adam bolsa dünýeden ötdi.



Degişli Habarlar