Germaniýa Russiýa ykdysady taýdan sanksiýa goýulmagyny teklip etdi

"Asada tabynlykdaky güýçlere goldaw berýän Russiýa ykdysady taýdan sanksiýa goýulmaly"

1372284
Germaniýa Russiýa ykdysady taýdan sanksiýa goýulmagyny teklip etdi

 

Germaniýanyň Goranmak ministri Kramp-Karrenbauer, Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere goldaw berýän Russiýa ykdysady taýdan sanksiýa goýulmagyny teklip etdi.

Kramp-Karrenbaur, nemes köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda, ýurdunyň Russiýa bilen birnäçe ugur boýunja gatnaşyk edýändygyny emma Russiýanyň eden-etdiligine ýola bermejekdiklerini görkezmek üçin Ukraina meselesinde sanksiýa goýlandygyny ýatlatdy.

Russiýanyň Asada tabynlykdaky güýçlere berýän goldawy sebäpli sanksiýa meselesiniň gün tertibine getirlip bilinjekdigine ünsi çeken Kramp-Karrenbauer “Russiýanyň Siriýada nämeler edýändigini bilýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar