Putin “Biziň hiç kim bilen söweşmek niýetimiz ýok” diýdi

“ ABŞ ýarag meselesinde biziň bilen bäsleşýär emma bäsleşip bilmez”

1369929
Putin “Biziň hiç kim bilen söweşmek niýetimiz ýok” diýdi

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Russiýanyň hiç kim bilen söweşmek niýetiniň ýokdygyny we söweş üçin taýarlyk görmeýändiklerini aýtdy.

Putin TASS habarlar gullugyna ýarag önümçiligi barada beýanat berdi.

Rus goşunynyň güýçlidigine ünsi çeken Putin “Hiç kim bilen söweşmek niýetimiz ýok we söweş üçin taýarlyk görmeýäris” diýdi

Russiýanyň taryhda ilkinji gezek başga ýurtda bolmadyk ýarag öndürendigini aýdan Putin “ ABŞ ýarag meselesinde biziň bilen bäsleşýär emma bäsleşip bilmez” diýip belledi.

ABŞ bilen Russiýanyň arasynda 2010-njy ýylba baglaşylan Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy şertnamasynyň möhlediniň tamamlanyp barýandygyny ýatladan Putin, şertnamanyň möhlediniň uzadylmalydygyny nygtady.

Wladimir Putin strategiýa taýdan deňagramlylygyň goralmalydygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar