Gresiýa bilen Bolgariýa, migrantlara gapylaryny açmaklary üçin çagyryş berildi

“ÝB-ne agza ýurtlar Türkiýä baran migrantlaryň ýüküni paýlaşmak üçin uly jogapkärçilik almaly”

1368958
Gresiýa bilen Bolgariýa, migrantlara gapylaryny açmaklary üçin çagyryş berildi

Halkara Günä geçişlik guramasy Gresiýa bilen Bolgariýa, ýurduna girmäge çalşan migrantlara gapylaryny açmaklary üçin çagyryş berdi.

Halkara Günä geçişlik guramasynyň başlygynyň orunbasary Massimo Moratti, Türkiýeden ÝB-ne agza ýurtlara gitmäge çalşan migrantlar hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Moratti “ÝB-ne agza ýurtlar Türkiýä baran migrantlaryň ýüküni paýlaşmak üçin uly jogapkärçilik almaly” diýdi.

Moratti “Gresiýa bilen Bolgariýa asuda durmuşda ýaşamak isleýän ynsanlary ýurtlaryna almaly we gümrük geçelgelerinde migrantlara garşy aşa güýç ulanmakdan çetde  durmaly” diýip belledi.

Moratti, ÝB Komissiýasynyň hem migrantlaryň garşylanmagy we olar üçin amatly şertdiň döredilmegi meselesinde Bolgariýa we Gresiýa ähli taraplaýyn goldaw bermegi üçin çagyryş berdi.

Moratti, ÝB-ne agza ýurtlaryň migrantlar meselesinde öz üstlerine düşýän jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeklerini isledi.

 



Degişli Habarlar