Hytaý Eýrana 5 müň komplekt kesgitleýiş enjamlaryny ugratdy

Hytaýyň Eýrandaky İlçisi Çang Hua koronawirusa garşy göreşe goldaw maksatly Eýrana 5 müň komplekt kesgitleýiş enjamlaryny ugradandyklaryny beýan etdi

1366668
Hytaý Eýrana 5 müň komplekt kesgitleýiş enjamlaryny ugratdy

İlçi Çang Twitter arkaly pars dilinde beren habarnamasynda; “5 müň sany koronowirusy kesgitleýiş komplektini Hytaýyň Eýrandaky ilçihanasynyň we Eýrandaky Hytaý firmalarynyň sowgady hökmünde eýranly resmilere gowşurdyk. Tagallamyz dowam eder” diýip ýazdy.

Hytaýyň İlçisi düýn bolsa Eýrana 250 müň goraýyjy maska kömegini berendiklerini beýan edipdi.

Hytaýyň Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde ýüze çykan koronawirus dünýäde 80 müňden gowrak adama ýokaşdy. Epidemiýa sebäpli 2,700 adam ýogaldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň resmisi Kiýanus Jahanpur ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 16-a, wirusa ýoluganlaryň sanynyň bolsa 95 adama ýetendigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar