"Eýranda Kowid-19 sebäpli 50 adamyň ýogalandygy hakyndaky habarlar asylsyz"

Eýranyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Kum şäherinde Kowid 19 sebäpli 50 adamyň ýogalandygy hakyndaky habarlaryň asylsyzdygyny mälim etdi

1365935
"Eýranda Kowid-19 sebäpli 50 adamyň ýogalandygy hakyndaky habarlar asylsyz"

 

Eýranda täze görnüş koronawirus Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 12 adama, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 47 adama ýetdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Saglygy goraýyş ministri Said Nemeki, Kowid-19 hakynda Mejlise habarnama hödürledi.

Habarnamada, koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 12 adama, wirus ýokaşanlaryň sanynyň bolsa 47 adama ýetendigi nygtaldy.

Beýleki tarapdan Eýranyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Ali Rebii, Kum şäherinde Kowid 19 sebäpli 50 adamyň ýogalandygy hakyndaky habarlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.

Paýtagt Tähranda metbugata beýanat beren Rebii “Kowid-19 sebäpli düýn 4 adamyň ýogalmagy bilen birlikde, epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 12 adama ýetdi. Kum şäherinde Kowid-19 sebäpli 50 adamyň ýogalandygy hakyndaky habarlar asylsyz we nädogry” diýdi.

Eýranyň Mejlisindäki Kum şäheriniň halk deputaty Ahmed Emirabadi bolsa, “Saglygy goraýyş ministrliginiň halka ýalan maglumat berýandigini nygtap diňe Kum şäherinde soňky 2 hepde-de Kowid-19 sebäpli 50 adam ýogaldy” diýdi.

 



Degişli Habarlar