“ABŞ-nyň sanksiýalary Kowid-19-a meňzeýär”

Prezident Hasan Ruhani resmi sapar bilen Tährana baran Awstriýanyň Daşary işler ministri Aleksander Şallenbergi kabul etdi

1364936
“ABŞ-nyň sanksiýalary Kowid-19-a meňzeýär”

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-nyň sanksiýalarynyň koronawirus “Kowid-19-a” meňzeşýändigini aýtdy.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Prezident Hasan Ruhani resmi sapar bilen Tährana baran Awstriýanyň Daşary işler ministri Aleksander Şallenbergi kabul etdi.

ABŞ-nyň ykdysady sanksiýalar bilen birlikde azyk harytlaryna we dermana hem embargo goýýandygyny aýdan Ruhani, “Şol sanksiýalaryň goýulmagy terörizmdir. ÝB-niň bu meselede gumanitar jogapkärçiligini ýerine ýetirmegine garaşýarys. ABŞ-nyň sanksitalary koronawirusa meňzeýär” diýdi.

Ýadro ylalaşygynyň Eýran bilen ÝB-niň we beýleki Günbatarly ýurtlaryň arasynda ynamyň döredilmegi üçin esasy bolup biljekdigini we bu meselde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirjekdiklerini aýdan Ruhani, sebitdäki suw ýollarynyň howpsyzlygynyň hem güýçden gaçýandygyny, Ýemen, Siriýa, Owganystan we Yrak ýaly ýurtlarda amatly howpsyzlyk şertiniň ýokdygyny ýatlatdy.

Ruhani, sebitiň we energetika geçirijileriniň howpsyzlygynyň ÝB we dünýa üçin has möhümdigini belledi.

Awstriýanyň Daşary işler ministri hem ýadro ylalaşygynyň sebitiň durnuklylygy we howpsyzlygy üçin möhümdigine ünsi çekdi


Etiketkalar: #ABŞ , #sanksiýa , #Eýran

Degişli Habarlar