Italiýada koronawirus sebäpli ilkinji gezek 1 adam ýogaldy

Italiýada täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ilkinji gezek 1 adam ýogaldy

1364308
Italiýada koronawirus sebäpli ilkinji gezek 1 adam ýogaldy
koronavirus.jpg
italya koronavirus.jpg

Täze görnüş koronawirus (Kovid-19) ýokan adamlaryň sany 1 günde 2 belgili sanlara ýeten ýurt bolan Italiýanyň demirgazygyndaky Weneto sebitinde, bejergi astynda bolan 78 ýaşyndaky erkek syrkawyň ýogalandygy mälim edildi.

Ýurdyň demirgazygynda eýýäm birnäçe wagt bäri testleri we bejergileri dowam edýän ýene-de 17 adama koronawirusyň ýokandygy düýn anyklanypdy.  

 

Günorta Koreýada hem Kovid-19 sebäpli ýene-de 1 adam ýogaldy.

Wirusyň ýokan adamlaryň sanynyň 200-den geçen Günorta Koreýada koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2-ä ýetdi.

 

Ýaponiýada täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýurdyň paýtagty Tokio şäheriniň golaýyndaky Ýokohama portynda 4-nji fewralda karantine alynan "Diamond Princess" atly gäminiň Çernogoriýaly ekipažyna hem wirusyň ýokandygy anyklandy.

 

ABŞ-de täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) ýokandygy anyklanan adamlaryň sany 34-e ýeten bolsa, BAE-de ýene-de 2 adamda wirusyň bardygy anyklananyndan soň, bu ýurtda koronawirus ýokan adamlaryň sany 11-e ýetdi.



Degişli Habarlar