Türk we rus wekiliýetler Moskwada Idlib meselesini maslahatlaşýarlar

Türk we rus wekiliýetleriniň düzüminde diplomatlardan daşary harby we razwedka gullugynyň resmileri hem bar

1361001
Türk we rus wekiliýetler Moskwada Idlib meselesini maslahatlaşýarlar

Türkiýäniň we Russiýanyň wekiliýetleri, Siriýanyň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde gepleşikler geçirýärler.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda metbugata ýapyk häsýetde geçýän gepleşiklere Türk wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Sedat Önal ýolbaşçylyk edýär.

Türk we rus wekiliýetleriniň düzüminde diplomatlardan daşary harby we razwedka gullugynyň resmileri hem bar.

Türkiýäniň we Russiýanyň arasyndaky gepleşikler, Idlibde Asada tabynlykdaky güýçleriň türk esgerleriniň ýerleşýän gözegçilik nokatlaryna hüjüm guramagy we Soçi ylalaşygynyň düzgünini bozmagy sebäpli geçen hepde başlapdy.

Ilki Ankarada geçen gepleşiklerden gutarnykly netije alynyp bilinmedi.

Ondan soň bolsa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin telefon arkaly özara söhbetdeş bolup, Idlibdäki soňky hadysalar başda bolmak bilen sebitleýin meseleleri maslahatlaşypdylar.

Prezident Erdogan ozal beren beýanatynda hem, Idlibdäki çözgüdiň, Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümleriniň iň gysga wagtda bes etmegi we ozal gazanylan ylalaşygyň çägindäki serhetlere çenli çekilmegi bilen boljakdygyny, ýogsam fewral aýynyň ahyryna çenli Türkiýäniň bu işi özüniň ýerine ýetirjekdigini aýan edipdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren duşuşygynda, Siriýa babatynda Türkiýe bilen Russiýanyň gazanan ähli ylalaşyklaryň berjaý edilmegi maksady bilen gepleşikleri dowam etdirýändiklerini habar beripdi.


Etiketkalar: #Moskwa , #wekiliýet , #rus , #türk

Degişli Habarlar