Tel Abýatda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýogaldy

Tel Abýad 2019-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen terrordan saplanypdy

1360522
Tel Abýatda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýogaldy

Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny tarapyndan guralan Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy bilen terrordan saplanan Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Tel Abýad etrabynda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýogaldy.

Tel Abýad etrap merkezine terrorçylar tarapyndan goýlan bombanyn ýarylmagy sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä, asuda ilatdan 4 adam ýogaldy.

Howpsyzlyk güýçleri, terrordan saplanan etrapçalarda bombaly hüjümleriň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralýandygyny emma terror guramasynyň asuda ilata zeper ýetirýändigi üçin hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne almakdan gaça durýandygyny nygtaýar.

Şanlyurfanyň Akçakale etrabynyň garşysynda ýerleşýän Siriýanyň Tel Abýad etraby 2019-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen terrordan saplanypdy.

 



Degişli Habarlar