Owganystanda NATO güýçleriniň guran howa hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy

Howa hüjüminde ýalňyşlyk bilen asuda ilat nyşana alyndy

1360102
Owganystanda NATO güýçleriniň guran howa hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy

 

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynyň Surhud etrabynda NATO güýçleriniň guran howa hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy.

NATO güýçleri Surhud etrabynda Talibana garşy howa hüjümini gurady.

Howa hüjüminde ýalňyşlyk bilen asuda ilat nyşana alyndy we hüjümde 8 adam ýogaldy.

Hüjüm hakynda derňew işi gozgaldy, ýörite topar Surhud etrabyna gitdi.

Welaýat häkimliginiň agzasy Ejmel Ömer bolsa hüjümde 10-dan gowrak adamyn ýogalandygyny öňe sürdi.

Hüjümiň haýsy ýurda degişli uçar tarapyndan guralandygy hakynda maglumat berilmedi emma Nangarhar welaýatynda NATO-nyň çäginde iş alyp barýan ABŞ-nyň harby bazasy ýerleşýär.

 

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #NATO , #asuda ilat , #Owganystan

Degişli Habarlar