Hytaýda soňky 24 sagatda 121 adam koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogaldy

63 müň 851 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy

Hytaýda soňky 24 sagatda 121 adam koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogaldy

 

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berlen beýanata görä, ýurtda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1381 adama ýetdi.

Soňky 24 sagatda 121 adamyň koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogaldygy habar berildi

63 müň 851 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

177 müň 974 adam hem karantina astina alyndy.

Hytaýyň Uhan şäherinde ilkinji gezek 2019-njy ýylyn 12-nji dekabrynda gabat gelinen täze görnüşli koronawirus epidemiýasynyň gysga wagtda beýleki şäherlere we ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy “gyssagly ýagdaý” yglan edipdi.

 


Etiketkalar: epidemiýa , Hytaý , koronawirus

Degişli Habarlar