Owganystanyň paýtagty Kabulda kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda guralan kamikaze hüjüminde 5 adam ýogaldy

1356961
Owganystanyň paýtagty Kabulda kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň Goranmak ministrligi, kamikaze hüjümçisiniň üstüne ýerleşdiren bombasyny Marşal Fahim Milli Goranmak uniwersitediniň golaýynda, adamlaryň üýşen ýerinde partladandygyny habar berdi.

Hüjümde 4 esger bilen asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygy aýan edilen beýanatda 5 esger bilen asuda ilatdan 1 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok.


Etiketkalar: #Owganystan

Degişli Habarlar