Asada tabynlykdaky güýçlere degişli dikuçar urup düşürildi

Harby oppozisionerler Asada tabynlykdaky güýçlere degişli 2 tanky hatardan çykardy

1357386
Asada tabynlykdaky güýçlere degişli dikuçar urup düşürildi

 

Siriýanyň Idlib şäherinde oppozisionerleriň Serakib etrap merkeziniň günbataryynda Asada tabynlykdaky güýçlere degişli dikuçary urup düşürendigi habar berildi.

Harby oppozisionerler Serakib etrap merkeziniň günbatarynda Asada tabynlykdaky güýçlere degişli 2 tanky hatardan çykardy, 1 tanky bilen 1 sany hem 23 mm raketany ele geçirdi.

Asada tabynlykdaky güýçler bilen tarapdarlary üstümizdäki aýyň başynda Russiýanyň howadan goldaw bermegi netijesinde Serakib etrap merkezi bilen birlikde käbir obalaryň gözegçiligini ele geçiripdi.

Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib, içerki urşuň başlan gününden bäri oppozisionerleriň we hökümete garşy ýaragly toparlaryň galasy hökmünde bilinýär.

Içerki göç edilşik sebäpli ilaty 4 milliona ýeten Idlibiň merkezi 2015-nji ýylda oppozisionerleriň gözegçiligine geçdi.

Asada tabynlykdaky güýçler Idlibi yzygiderli ýagdaýda nyşana alýar.

Türkiýe bilen Russiýa 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Soçide çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin goşmaça ylalaşyk gazanypdy.

Hüjümlerine gysga wagt soň ýaňadandan başlan Asada tabynlykdaky güýçler 2019-njy ýylyň maý aýynda welaýaty dolulygyna ele geçirmek üçin gury ýer operasiýasyny başlatdy.

2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda gazanylan Soçi ylalaşygyndan soň Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdarlarynyň Idlibde guran hüjümlerinde asuda ilatdan 1800 adam ýogaldy.

2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkiýe serhedine göçenleriň sany bolsa 1 million 767 müň adama ýetdi.



Degişli Habarlar