Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň Idlibde guran howa hüjüminde ýene-de ençeme adam ýogaldy

Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda asuda ilatdan ýene-de ençeme adam ýogaldy

1356412
Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň Idlibde guran howa hüjüminde ýene-de ençeme adam ýogaldy

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa degişli harby uçarlaryň, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň çäginde ýerleşýän asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine guran howa hüjüminde asuda ilatdan 17 adam ýogaldy.

Oppozisionerlere degişli Uçar gözegçilik öýüniň berýän habaryna görä, Başar Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa degişli harby uçarlar, düýn agşam Halap welaýatynyň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň çäginde ýerleşýän köp sanda ýere howa hüjümler guradylar.

Raýat goranyş toparyndan alynan maglumata görä, hüjümleriň netijesinde Kefer Nuranda 9, Şeýh Alide 3, Orum As Sugrada 2 we Etaribde 3 bolmak bilen asuda ilatdan jemi 17 adam ýogaldy.

Howa hüjümleriniň netijesinde azyndan 30 adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan Russiýa degişli harby uçarlaryň, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň çäginde ýerleşýän ýerlere guran howa hüjüminde ýene-de 9 adam ýogaldy.

Oppozisionerlere degişli uçar gözegçilik öýüniň berýän habaryna görä, Russiýa degişli harby uçarlar, Halap welaýatynyň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň günbatar bölegine düýn gije howa hüjümler guradylar.

Raýat goranyş topary çeşmelerden alynan maglumata görä, sebitiň Ibbin obasynda asuda ilatdan 9 adam ýogaldy.

Raýat goranyş topary, wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýär, şol sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.


Etiketkalar: #Siriýa , #Russiýa , #Idlib

Degişli Habarlar