Ýaponiýada karantina astyna alynan ýolagçy gämisinde ýene-de 41 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy

3700 ýolagçysy bolan gämide häzire çenli 61 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy

1355310
Ýaponiýada karantina astyna alynan ýolagçy gämisinde ýene-de 41 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çkan täze görnüşli koronawirus epidemiýasy sebäpli Ýaponiýada karantina astyna alynan ýolagçy gämisinde ýene-de 41 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy.

Kýodo habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ýokohama şäherinde sişenbe güni koronawirus epidemiýasy sebäpli karantina alynan 3700 ýolagçysy bolan gämide häzire çenli 61 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanatda 21-i ýaponiýaly, 8-i Amerikaly, 5-i awstraliýa, 5-i kanadaly 1-i britaniýaly we ýene-de 1-i argentinaly bolmak bilen jemi 61 adamda wirusa gabat gelinendigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar