Italiýada Hytaýdan gelen 1 adamda koronawirusa gabat gelindi

Italiýada ozal hem hytaýly 2 syýahatçyda wirusa gabat gelnipdi

1355171
Italiýada Hytaýdan gelen 1 adamda koronawirusa gabat gelindi

Italiýada täze görnüşli koronowirus epidemiýasynyň başlan ýeri bolan Hytaýyň Uhan şäherinden gelenI raýaty bolan 56 adamdan birinde wirusa gabat gelindi.

Italiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanatda, harby uçar bilen hepdäniň başynda Uhandan getirlen karantina astyna alynan 56 adamda geçirlen barlarlarda 1 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy.

30-40 ýaşlaryndadygy aýdylýan adamyň Milli Ýokanç keseller institutynda bejergi astyna alynandygy nygtaldy.

Italiýada ozal hem hytaýly 2 syýahatçyda wirusa gabat gelnipdi.

Berjergi astyna alynan hytaýly 2 syýahatçynyň ýagdaýynyň agyrdygy nygtalýar.


Etiketkalar: #Hytaý , #koronawirus , #Italiýa

Degişli Habarlar